ÝÇL-de toparçalaýyn tapgyr badalga aldy: «Çelside» garaşylmadyk ýeňliş

23:5906.09.2022
0
11761

Ýewropa çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndan orun alan birinji aýlawyň käbir oýunlary geçirildi. Günüň iň esasy garaşylmadyk netijeleri Horwatiýada we Germaniýada hasaba alyndy. Zagrebde ýerli «Dinamo» Orşiçiň 13-nji minutda uran goly bilen «Çelsini» minimal hasapda ýeňlişe sezewar etdi. Germaniýada bolsa ýer eýesi «Leýpsig» Ukrainanyň «Şahtýoryny» kabul edip, uly hasapda ýeňlişe sezewar boldy.

Duşuşykda myhman topar 4:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, gollara ýer eýelerinden Simakan (57), myhmanlardan bolsa Şwed (16, 58), Mudrik (76) hem-de Traore (85) awtorlyk etdiler. Şeýle-de düýn Awstriýada «Zalsburgyň» myhmany bolup, 1:1 hasabynda deň oýnady we utuk paýlaşmaga mejbur boldy. «Zalsburgyň» goly 28-nji minutda Okafros, «Milanyň» goluna bolsa 40-nji minutda Salemakers tarapyndan derwezä ýollady. Sişenbe agşamynyň merkezi oýnunda «PSŽ» öz öýünde Mbappeniň dubly bilen (5, 22) «Ýuwentusdan» 2:1 hasabynda üstün çykdy. Myhmanlaryň goly 53-nji minutda Makkenniniň adyna ýazyldy. Mundan başga-da tapgyrda «Borussiýa» (Dortmund) öz öýünde «Kopengageni» 3:0, «Benfika» öz öýünde «Makkabini» 2:0, «Real» myhmançylykda «Seltigi» 3:0, «Mançester Siti» myhmançylykda «Sewilýany» 4:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

ÝÇL toparçalaýyn tapgyr, birinji aýlaw:

«E» toparça

«Dinamo» — «Çelsi» 1:0;
«Zalsburg» — «Milan» 1:1.

«F» toparça

«Seltik» — «Real» 0:3;
«Leýpsig» — «Şahtýor» 1:4.

«G» toparça

«Borussiýa» — «Kopengagen» 3:0;
«Sewilýa» — «Mançester Siti» 0:4.

«H» toparça

«PSŽ» — «Ýuwentus» 2:1;
«Benfika» — «Makkabi» 2:0.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň