Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly karateçiler Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler

13:3905.09.2022
0
24857

Germaniýanyň Berlin şäherinde karate boýunça 17-nji gezek geçirilen Banzai Cup atly halkara ýaryş tamamlandy. Oňa 31 döwletden 1200-den gowrak türgen gatnaşdy. Olaryň arasynda türkmenistanly karateçiler hem bar. Ýaryşyň jemi boýunça biziň ildeşlerimiz medallaryň 13-sini gazandylar. Olaryň dördüsi altyn, ikisi kümüş, ýedisi bolsa bürünç medallardyr.

Türkmen ýygyndysynyň altyn medallaryny Öwezmyrat Sapardurdyýew («kata» görnüşi, 12 ýaşa çenli türgenleriň arasynda), Allanur Ýalkabow («kata» görnüşi, 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda), Resul Atajanow («kumite» görnüşi, 18 ýaşa çenli türgenleriň arasynda) we Dawut Nazmyradow («kumite» görnüşi, ulularyň arasynda 75 kilograma çenli agram derejesinde) dagylar gazandy.

Kümüş medallarymyzyň ikisini hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Dawut Nazmyradow gazandy. Has takygy, ol 75 kilograma çenli 21 ýaşdan uly türgenleriň arasynda we şol agram derejesinde «Open» ýaryşynda hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.

14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Perhat Atamyradow («kata»), ulularyň arasynda 75 kilograma çenli agram derejesinde Baýry Baýryýew, 16 ýaşa çenli türgenleriň arasynda 52 kilograma çenli agram derejesinde Erkin Taganow, 18 ýaşa çenli türgenleriň arasynda 61 kilograma çenli agram derejesinde Rüstem Puhanow, ulularyň arasynda 60 kilograma çenli agram derejesinde Süleýman Garlyýew bilen Muhammetnur Annamuhammedow (ählisi hem «kumite» boýunça) bürünç medallara mynasyp boldular.

Ýene bir bürünç medaly Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy «kumite» görnüşi boýunça eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň