Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arktiki köller howanyň üýtgemeginden guraýarlar

14:1301.09.2022
0
11399
Arktiki köller howanyň üýtgemeginden guraýarlar
Surat: techinsider.ru

Arktikanyň ýabany tebigaty ählumumy maýlamadan ejir çekýär. Golaýda geçirilen barlaglar bu sebitiň planetanyň beýleki böleklerinden dört esse çalt gyzýandygyny görkezdi diýip, «MIR24» ýazýar.

Maýlama sebäpli esasan hem sebitiň kölleri çalt guraýarlar diýlip, «Nature Climate Change» habar berýär.

Floridanyň uniwersitetiniň hünärmenleri soňky 20 ýylda Arktikanyň suw howdanlarynyň näderejede üýtgändigini öwrendiler. Alnan netijeler Kanadanyň, Russiýanyň, Grenlandiýanyň, Skandinawiýanyň we Alýaskanyň demirgazyk böleklerini içine alýan Panarktikadaky kölleriň gurandygyny ýa-da suwunyň mazaly azalandygyny görkezdi.

Köller arktiki ekoulgamlarda möhüm ähmiýete eýedirler. Olar oturymly halklar, haýwanat dünýäsi üçin içimlik suwuň çeşmesidir.

Alymlar baky buzlugyň eremeginiň öňüni almagyň we arktiki kölleri halas etmegiň çykalgasyny parnik gazlaryň howa taşlanýan zyňyndylaryny azaltmakda görýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň