Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýeden Türkmenistana 9 sany ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar

14:0201.09.2022
0
47565

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkmenistandan Türkiýä we Türkiýeden yzyna dokuz sany ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar. Bu maglumat «Turkmenportalyň» redaksiýasyna 085 gysga belgili Aşgabat halkara howa menziliniň maglumatlar bölümi tarapyndan habar berildi. Uçuşlary Türkmenabat — Stambul ugry boýunça 7-nji, 11-nji, 15-nji, 20-nji, 24-nji, 28-nji we 2-nji oktýabrda, Türkmenbaşy — Stambul ugry boýunça 1-nji, 3-nji sentýabrda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Ýörite guralýan uçar gatnawlar bilen koronawirus pandemiýasy sebäpli howa gatnawy togtadylandan soň bu ýurtda galmaga mejbur bolan türkmenistanlylar yzyna gaýdyp gelerler.

Mundan başga-da, Turkish Airlines 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistana dokuz sany ýörite uçar gatnawy amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Uçuşlar hepdede iki gezek — duşenbe we anna günleri amala aşyrylar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli uçuşlar global pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylypdy. Türkmenistan daşary ýurtlarda galan raýatlarynyň öz ýurduna gaýdyp gelmeklerini guramak boýunça işlerini dowam etdirýär.

Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa (RF), Kazana (Tatarstan, RF), Frankfurta (Germaniýa) we Dubaýa (BAE) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň