«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, Balkan welaýatynda içerki awtomobil ýollaryny, demir ýol halkalaryny gurmak, bar bolanlarynyň durkuny döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Balkanabat — Jebel — Gözliata — Gyzylgaýa, Balkanabat — Gumdag — Esenguly — Etrek — Magtymguly — Çendir, Balkanabat — Hazar, Serdar — Magtymguly — Daýna, Serdar — Çerkezli — Daşoguz ugurlary boýunça awtomobil, Türkmenbaşy — Gyzylgaýa — Daşoguz (700 km) demir ýollarynyň gurulmagy ilatyň durmuş-ykdysady abadançylygyny pugtalandyrmaga itergi berer.
«Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada bellenilişi ýaly, Balkan welaýatynyň geoykdysady mümkinçiligi Türkmenistana kenarýaka sebitiň, şol sanda Ýewropa, Arap, Merkezi, Gündogar Aziýa, Ýuwaş umman döwletleri bilen halkara gatnaşyklary ýola goýmaga we yzygiderli pugtalandyrmaga amatly şert döredýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň çäklerinde yklymara üstaşyr gatnaw geçelgelerini döretmek geljegi uly başlangyç bolmagynda galýar. Tagallalaryň özara birleşdirilmegi bu meseleleriň üstünlikli çözülmegine alyp barar.

