Şu ýylyň 15-16-njy sentýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) nobatdaky sammiti geçiriler. Onuň işine hormatly myhman hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada «Sputnik.uz» habarlar gullugy habar berýär.
Özbegistandan ŞHG-niň milli utgaşdyryjysy Rahmatulla Nurimbetowyň şu gün — 26-njy awgustda geçirilen brifingde beren beýanatyna görä, sammite synçy ýurtlaryň —Belarusyň, Eýranyň we Mongoliýanyň döwlet Baştutanlary hem çagyryldy.
— Biz Özbegistan bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýan ýurtlaryň Prezidentlerini sammite hormatly myhman hökmünde çagyrdyk. Olaryň arasynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri, şeýle hem utgaşdyrylan tertipdäki birnäçe myhman bar — diýip, R.Nurimbetow belledi.