Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow ŞHG-nyň sammitine gatnaşar

19:0529.07.2022
0
11595
Serdar Berdimuhamedow ŞHG-nyň sammitine gatnaşar
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) 15-16-njy sentýabrda Samarkantda geçiriljek sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşar. «Sputnik»-iň habaryna görä, bu Özbegistanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wladimir Norow tarapyndan ŞHG-a agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň mejlisinde yglan edildi.

Norowyň sözlerine görä, ŞHG-a agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak guramanyň agza ýurtlarynyň ýolbaşçylary tarapyndan tassyklandy. Sammite Belarus, Eýran we Mongoliýa ýaly synçy döwletleriň Baştutanlary-da gatnaşar.

Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammet bin Salman Al Saud hem ýakyn wagtda geçiriljek sammite gatnaşmaga çagyryldy.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy — Hytaýyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň liderleri tarapyndan döredilen halkara guramadyr.

2016-njy ýylda Türkmenistanyň şol wagtky Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşkentdäki Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň ýubileý ýygnagyna gatnaşypdy. Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýyl hem Duşenbe şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň