«ImdatBot» bilim merkezi çagalar üçin robototehnika okuwlaryny açdy

10:3326.08.2022
0
16512

Aşgabatda ýerleşýän «ImdatBot» çagalaryň robototehnika merkezi ýaş öwrenijilere inženerçilik we programmistlik ukyplaryny açmaga ýardam etjek möhletleýin okuwlary açdy.

IT hünärler häzirki wagtda Ýer ýüzünde uly isleg bildirilýän kärler bolup, bu ugurdan geçilýän okuwlara çagalaryny gatnadýan ene-atalar olaryň bilim başarnyklarynyň kämilleşmegine ýol açyp, çagalarynyň bagtly geljegini gurmaga esas döredýärler.

Bilim merkeziniň okuwlary 5-nji sentýabrda başlanýar. Okuw sapaklary 1,5 aý dowam edip, hepdede 3 gezek okuwyň aýratynlygyna görä 1 ýa-da 1,5 sagatlap geçilýär. Okuwlaryň geçilýän döwründe çagalar robototehnikanyň amalyýetini we programmistlik hünäriniň başlangyçlaryny öwrenerler, şeýle-de olar özbaşdak taslamalary ýasap, bäsleşiklere gatnaşarlar.

«ImdatBot» merkeziniň tejribelik sapaklarynda «MakeBlock» kompaniýasynyň robotlary bilen baglylykda işlenilýär we olar çagalaryň döredijilikli pikirlenişini ösdürýär. Bilim merkezinde geçilýän sapaklar ýaş nesle ulgamlaýyn pikirlenmäge we adaty bolmadyk çözgütleri oýlap tapmaga, şeýle hem mekdepde geçilýän takyk ylymlary özleşdirmegiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Bilim merkeziniň Türkmenistanyň Bilim ministrliginden rugsatnamasynyň bardygyny hem belläp geçmek gerek. «ImdatBotda» umumylykda 18 dürli okuw bolup, olarda höwesjeňler dürli ýaş aýratynlyklary üçin bolan 4 sany robot bilen tanyşýarlar. Bu ýerde sapaklaryň geçilişi «ýönekeýden çylşyrymla» ýörelgesi boýunça alnyp barlyp, olar 7 — 15 ýaşyndaky çagalar hem-de ýetginjekler üçin niýetlenendir.

Habarlaşmak üçin:

  • Web saýty: imdatbot.imdatel.tm;
  • Sosial media ulgamyndaky hasaby;
  • Telefon belgileri: (+993 12) 41 42 52, (+993 62) 90 00 69;
  • Ýerleşýän salgysy: A.Nyýazow şaýoly (A.Çehow), 147-nji jaý (Merdana binasy).
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň