Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda täze saglygy goraýyş desgalary gurlar

23:1823.08.2022
0
40441

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabat şäheri boýunça uçuşy amala aşyryp, paýtagtda alnyp barylýan toplumlaýyn işler, dowam edýän gurluşyklar, şäheriň durmuş düzümini mundan beýläk-de toplumlaýyn kämilleşdirmegiň taslamalary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutany dikuçarly uçuşy tamamlap, şäheriň Arçabil şaýolunyň we N.Andalyp köçesiniň çatrygynda ýerleşýän köp zolakly awtomobil köprüsiniň ýanynda gurluşygy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň ýerleşjek ýerleriniň şekil-taslamalary bilen tanyşdy. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ç.Purçekow we N.Amannepesow döwlet Baştutanyna şäherde täze gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar, olaryň aýratynlyklary barada hasabat berdiler.

Wise-premýer N.Amannepesow paýtagtda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş ulgamyna degişli käbir desgalar, hususan-da, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezi barada hasabat berdi. Bu desga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girer. Onda näsag çagalara ýokary hilli we dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary ýerine ýetiriler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Aşgabat şäheriniň Köşi ýaşaýyş toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän Stomatologiýa merkezi barada hem hasabat berdi. Merkezde agyz boşlugynyň keselleriniň öňüni almak, irki döwürde anyklamak we bejergi işlerini geçirmek hyzmatlary amala aşyrylar.

Wise-premýer Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäginde 500 orunlyk Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ýerleşdirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy barada-da hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýakyn wagtda degişli halkara bäsleşigiň jemleri jemleniler we onuň ýeňijisi kesgitlener.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň we Stomatologiýa merkeziniň binalaryny gurmak boýunça halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy. S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň täze döwrebap binalar toplumyny, şeýle hem M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýanyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezini gurmaga degişli tabşyryklary berdi hem-de degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Geljekde bu merkezler Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň binýadynda bolup, olarda kafedralary ýerleşdirmek, talyplara bilim bermek we lukmanlaryň diplomdan soňky kämilleşdiriş okuwlaryny guramak, tejribe okuwlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu ýerde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürleniler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň