AŞTU «Rysgalbankyň» kartlaryndan hem tölegleri kabul edip başlady

22:1019.08.2022
0
32252

AŞTU hyzmatlary üçin «Rysgal» PTB tarapyndan goýberilen kartlardan hem tölegleri kabul edip başlady. Bu barada ÝGPJ-niň resmi saýty arkaly habar berildi:

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti müşderilere berýän onlaýn hyzmatlarynyň gerimini täze mümkinçilikler arkaly giňeltmegini dowam edýär.

Müşderilerimiz üçin niýetlenen onlaýn şahsy otag ulgamynda, täze aýratynlyklar girizilip, «Rysgal» PTB tarapyndan ulanyşa goýberilen bank kartlar arkaly tölegleri kabul etmäge mümkinçilik döredildi.

«Rysgal» PTB kartlary arkaly onlaýn görnüşinde tölemek aýratynlygy, häzirki wagtda internet saýtymyzda (agts.tv), şahsy otag ulgamynda (my.agts.tv) we Android üçin niýetlenen programmamyzda (Google Play) elýeterli. Bu aýratynlygy tiz wagtda iOS programmasyna hem girizmek üçin «Asman Oky» HJ bilen bilelikde işler alynyp barylýar».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň