Soňky habarlar

Arhiw

Rahat Japarow Gyrgyzystanyň kubogynyň finalynda çykyş eder

23:4518.08.2022
0
9631

Futbol boýunça Gyrgyzystanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy 1-nji sentýabrda Bişkek şäherindäki Dolen Ömruzakowyň adyny göterýän stadionda geçiriler.

Aýgytlaýjy duşuşykda Kant şäheriniň «Abdyş-Ata», Koçkar-Ata şäheriniň «Neftçi» futbol toparlary güýç synanyşar.

Duşuşyk Kyrgyz Sport TV teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda alnyp görkeziler. Onuň başlanjak wagty goşmaça habar berler.

«Abdyş-Atanyň» düzümine şu ýylyň ýanwarynda türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarowyň goşulandygyny habar berýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň