Özbegistanly sürüjiler ýönekeý tertipde türkmen wizasyny alyp bilerler

18:1117.08.2022
0
22532

Türkmenistan, Eýran we Özbegistan halkara ýük daşamalaryny ýönekeýleşdirmek babatda şertnama baglaşdylar diýip, Özbegistanyň Ulag ministrligine salgylanyp Mir 24 habar berýär.

Bu şertnama 15-16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki Halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň, Özbegistanyň Ulag ministri Ilham Mahkamowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şähergurluşyk ministri Said Rustam Kasiminiň arasynda baglaşyldy.

Taraplar daşaýjy awtoulaglar üçin tölegleri azaltmak we Özbegistan — Türkmenistan — Eýran gatnaw ugry boýunça Türkiýä intermodal gatnawy guramak dogrusynda ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, indi özbegistanly sürüjileriň ýönekeý tertipde türkmen wizasyny alyp biljekdigi barada bellenilýär.

Özbegistanyň we Eýranyň wekilleri Çabahar portundan Özbegistana, şeýle-de Özbegistandan Hytaý — Ýewropa ugry boýunça awtoulag ýük gatnawlaryny guramak barada şertnama baglaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň