Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2022: «Sogdiana» Merkezi sebitiň final duşuşygynda «Hujandy» uly hasap bilen ýeňdi

17:3717.08.2022
0
4673
AFK-nyň kubogy ― 2022: «Sogdiana» Merkezi sebitiň final duşuşygynda «Hujandy» uly hasap bilen ýeňdi

Şu gün Hujand şäherindäki «Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» stadionynda ýerli topar ― «Hujand» bilen Özbegistanyň «Sogdianasynyň» arasynda AFK-nyň kubogynyň Merkezi sebitiniň final duşuşygy geçirildi.

Duşuşyk özbek toparynyň 4:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Pökgüleri 13-nji we 21-nji minutlarda Jasur Hasanow, 29-njy minutda Şohruz Norhanow we 79-njy minutda Şawkat Salomow geçirdi.

Şeýlelikde, ýaryşyň sebitara ýarym finalyna «Sogdiana» gatnaşar.

AFK-nyň kubogy ― 2022-niň Merkezi sebitiniň toparçalaýyn ýaryşlaryna Türkmenistandan «Altyn asyr» bilen «Köpetdagyň» wekilçilik edendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň