Soňky habarlar

Arhiw

Lukman tomusda sowadyjyny nädip ulanmalydygyny maslahat berdi

14:1417.08.2022
0
2848
Lukman tomusda sowadyjyny nädip ulanmalydygyny maslahat berdi
Surat: vsekondicioneri.ru

Otagy serginledijini (kondisioneri) yssy howada nädip ulanmalydygyny lukman-terapewt Irina Ýarsewa maslahat berdi diýip, «News.ru» habar berdi. Bu barada «MIR 24» ýazýar.

Hünärmeniň sözlerine görä, iň oňaýly we aňrybaş temperatura adaty otag temperaturasyna gabat gelýär, bu noldan ýokarda 24-26 gradusdyr. Şunda temperaturanyň birdenkä üýtgäp durmagyna ýol bermeli däldir diýip, lukman duýdurdy.

«Hatda 22-24 gradus hem kadaly otag temperaturasydyr. Şeýle howada käbir adamlar futbol köýnekçeli, beýlekiler bolsa ýeňil kofta geýinýärler. Esasy zat, ýel çaldyrmaly däl, kondisioneriň astynda oturmaly däl» diýip, Ýarsewa belledi.

Ol eger kondisioneriň öňünde birnäçe minutlap oturylsa, aňsat sowuklap boljakdygyny duýdurdy.

Lukman şeýle-de gijelerine howanyň derejesini 20-22 gradusa çenli peseltmegi maslahat berdi, sebäbi adam gijelerine däp boýunça ýorgan ýapynyp ýatýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň