Arhiw

Eýran Türkmenistana energetika we gurluşyk pudagyna zerur bolan harytlary eksport etmäge taýýar

13:5917.08.2022
0
7876

Eýranyň daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumy boýunça orunbasary Çarymyrat Purçekow bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Tähran bilen Aşgabadyň arasynda özara gyzyklanma döredýän ugurlarda hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmelidigi barada pikir alyşdylar. Bu barada Tehran times habar berýär.

Safari Eýranyň Türkmenistana gurluşyk pudagy üçin zerur harytlary, şeýle hem energetika pudagy üçin nou-hau tehnologiýalaryny eksport etmäge taýýardygyny aýtdy. Şeýle-de ol eýran kompaniýalarynyň Türkmenistandaky elektrik stansiýalaryna tehniki hyzmat etmäge (abatlaýyş işlerini geçirmäge) taýýardyklaryny hem belläp geçdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Purçekow Safariniň tekliplerini goldady we degişli ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň