Türkmenistanly tälimçiler Röwşen Meredow bilen Maksim Belyh «Kaganat» futbol toparynyň başynda Gyrgyzystanyň Premýer ligasynda nobatdaky ýeňşini gazandylar.
Topar 17-nji tapgyryň çäginde Oş şäherinde geçirilen duşuşykda «Talanty» 2:1 hasabynda ýeňdi. «Kaganatyň» gollaryny Saidjamol Dawlatjanow bilen Erik Petrosýan geçirdi. «Talantda» bolsa Anton Polýew tapawutlandy.
Bu duşuşykdan soň utugyny 24-e çykaran «Kanagat» ýaryş tertibinde dördünji orna göterildi.