Meşhur portugal futbol oýunçysy, «Mançester Ýunaýted» toparynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu özüniň 11 ýaşly ogluna ykjam telefon ulanmagy gadagan edýär diýip, «DerbyDerbyDerby.it» italýan neşiri habar berýär diýip, «MIR 24» ýazýar.
Ronaldunyň aýtmagyna görä, çaga bu ýaşda zatlara aýawly garamak üçin zähmetiň gymmatyny bilmelidir.
«Ol menden elmydama ykjam telefon edinsem bolýarmy diýip soraýar. Men oňa ýok diýýärin. Häzir ir. Elbetde, men oňa kakasy hökmünde islän zadyny berip bilerin. Emma şol bir wagtda onuň yhlasly zähmet çekmegini we pespäl adam bolup ýetişmegini isleýärin» diýip, hüjümçi aýdýar.