Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşydaky deňiz portunda ulag ulgamynda gazanylanlar bilen tanyşdyrylar

21:3412.08.2022
0
3090
Türkmenbaşydaky deňiz portunda ulag ulgamynda gazanylanlar bilen tanyşdyrylar

12-nji awgustda Awazada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi hem-de käbir meselelere garaldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Agentligiň ýolbaşçysynyň hasabatynda aýdylyşy ýaly, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň Ýolagçy parom terminalynda BMG-niň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de ulag we kommunikasiýalar toplumynyň düzüm birlikleri, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy, «Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasy» hojalyk jemgyýeti, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Türkmen logistika» assosiasiýasy jemgyýetçilik birleşiginiň «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we beýlekiler ulag ulgamynda ýerine ýetirilen işler we ýetilen sepgitler, ulag düzümleriniň kuwwatlyklary, alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygy, ulag ulgamynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça taslamalary bilen tanyşdyrar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy halkara deňiz portunda hem-de howa menzilinde we maslahatyň geçýän ýerinde foruma bagyşlanan sergileri ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Mejlisde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanyna BMG-niň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça çagyrylýan forumyň maksatnamasy barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata 39 ýurda hem-de 34 halkara gurama wekilçilik edýän wekiller gatnaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň