Soňky habarlar

Arhiw

Ben Afflek Los-Anjelesdäki öýüni 30 million dollara satýar

16:2711.08.2022
0
641
Ben Afflek Los-Anjelesdäki öýüni 30 million dollara satýar
Surat: Zuma\TASS

Tanymal amerikan aktýory Ben Afflek Los-Anjeles şäheriniň Pasifik-Paliseýds etrabyndaky aýratyn jaýyny satmakçydygyny mälim etdi. Oňa 30 million amerikan dollary möçberinde nyrh kesildi diýip, «The Daily Mail» neşiri ýazýar.

Neşiriň ýazmagyna görä, giňiş öýde ýedi ýatylýan otagy, on suwa düşülýän otag, türgenleşik zaly, kinoteatr, spa-salon we klimat-gözegçilikli çakyr ammary bar. Öýüň howlusynyň çäginde suwa düşülýän howuz, tomusky aşhana we kiçeňräk mellek ýerleşýär. Afflek bu howlyny 2018-nji ýylda 19,2 million dollara satyn alypdyr.

Bu barada «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň