Soňky habarlar

Arhiw

«Leýpsig» 23 million ýewrolyk peýda bilen ozalky oýunçysyny yzyna alýar

16:2809.08.2022
0
1250

«Çelsiniň» hüjümçisi Timo Werner Angliýadan Germaniýa gaýdyp barmaga ýakyn.

«Sport1» neşiriniň žurnalisti Patrik Bergeriň ýazmagyna görä, «Çelsi» we «Leýpsig» klublary Werneriň transferi barada ylalaşdylar. Ylalaşyga görä, nemes kluby 26 ýaşly futbolçy üçin «Çelsä» 20 million ýewro tölär. Şeýle hem «Çelsiniň» geljek ýyllarda bu transferden goşmaça 10 million ýewro gazanmagyna garaşylýar.

Timo 2016 ― 2020-nji ýyllarda hem «Leýpsigde» futbol oýnapdy. Geçen ýylda bolsa ol 53 million ýewrolyk baha bilen «Çelsä» satyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň