Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen kärhanasy her aýda 6 tonna golaý gelin kömeleklerini ýetişdirýär

15:0109.08.2022
0
5194

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Tiz hyzmat» hususy kärhanasy il arasynda gelin kömelekleri diýlip tanalýan şampinýonlary ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar.

Kärhanada geçen ýylyň noýabr aýynda ilkinji hasyl ýygnalypdyr. Şol döwürde her aýda 3 tonna hasyl alnan bolsa, eýýäm, häzirki wagtda bu görkeziji iki esse ýokarlanyp, her gün 200 kilograma golaý, her aýda bolsa 6 tonna golaý önüm öndürilip, ösüş depgini 2 essä ýakyn artdyrylypdyr.

Ýetişdirilen kömelekler bir kilogramlyk ýörite gaplara ýerleşdirilip, ak bazarlarda we söwda nokatlarynda alyjylara hödürlenýär. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berlişi ýaly, kärhanada kömelekler 0,5 litrlik çüýşe gaplara marinadlanan görnüşinde gaplanylýar we satuwa ugradylýar.

Kömelekler oba hojalyk galyndylaryny gaýtadan işlemegiň netijesinde, ýörite taýýarlanan kompostda ösdürilip ýetişdirilýär. Bu dökün hem kärhanada bugdaý samanyny çüýredip, gerekli mikroelementlere baý bolan galyndylara garmak bilen taýýarlanýar. Kömelek tohumy Fransiýadan satyn alynýar we ýörite ammarlarda — aýratyn şertlerde saklanylandan soňra önümçilige ugrukdyrylýar.

Kömelekler emeli ýagyş arkaly suwarylýar we ýyladyşhanadaky temperatura 25-den 17 gradus aralygyndaky ýylylykda saklanylýar. Olaryň ösüp çykýan gatlagy 5 santimetr galyňlykdaky torf bilen örtülýär. Häzirki wagtda torf Russiýa we Eýrandan getirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň