Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2028-nji ýyla çenli ýokary okuw mekdepleriň ýene 4-si gurlar

18:5406.08.2022
0
21942
Türkmenistanda 2028-nji ýyla çenli ýokary okuw mekdepleriň ýene 4-si gurlar

Golaýda tassyklanan Prezident Maksatnamasynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň häzirki ýagdaýy seljerilip, ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durnukly ösdürmegiň döwlet syýasaty kesgitlenilýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Maksatnamasynda öňde goýlan sepgitlere ýetmek maksady bilen, ýurduň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga we täzelemäge, durmuş ulgamyny ösdürmäge 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlar gönükdiriler. Zähmet haklarynyň möçberi 1,8 esse artar. Ýaşaýyş jaýlarynyň adam başyna düşýän umumy meýdany 102,2 göterim artar, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-sy, umumy bilim edaralarynyň 54-si, ýokary hünär bilimi edaralarynyň 4-si, 10 sany döwrebap hassahana gurlar, 7 sany medeniýet öýi bina ediler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň