Türkmenistanyň milli ulgamyna özara baha bermek çäresini geçirmek maksady bilen, Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrlmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň bilermen baha berijiler topary Türkmenistana sapar bilen geldi. 2-nji awgustda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen Ýewraziýa toparynyň Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Teterukowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ministr Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurtda amala aşyrylan 2015 — 2017-nji ýyllar we 2018 — 2020-nji ýyllar boýunça Töwekgelçililere baha bermek çäreleri barada gürrüň berdi. Ol bu çäreleriň netijesinde ýurtda bar bolan töwekgelçilikleri ýüze çykarmak, olary peseltmek boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň taýýarlanandygy barada, şeýle hem bu çäräniň pudagara hyzmatdaşlygy berkitmäge, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga we olar tarapyndan Pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşiň maliýe çärelerini işläp taýýarlaýan toparyň (FATF) maslahatlaryny has içgin düşünmäge we ygtybarly peýdalanmaga ýardam berdi diýip belledi.
Sergeý Teterukow öz çykyşynda Türkmenistan bilen, hususan-da, ministrligiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Ýewraziýa toparynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada gürrüň berdi. Ol 1-nji awgustynda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen duşuşygyň netijesinde Özara baha beriş çäresine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň taýýardyklaryna göz ýetirendigini habar berdi we bu duşuşygyň netijesiniň oňaýly boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de ol Özara baha beriş çäresiniň netijesinde taýýarlanjak hasabatyň Ýewraziýa toparynyň agza döwletleriniň ählisiniň garamagyna iberiljekdigini we onuň netijesi boýunça taýýarlanjak hasabatyň ýurdyň bikanun pullaryň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça alyp barýan işiniň ýagdaýyny görkezjekdigini belläp geçdi. Şeýle hem bu hasabatyň ýurdyň daşary ýurt maýa goýumlaryna hem öz täsirini ýetirip biljekdigini beýan etdi.
Ozal habar berşimiz ýaly, Hökümetiň 29-njy iýulda geçirilen mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow Prezident Serdar Berdimuhamedowa jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda bu ugurda işleri ulgamlaýyn alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanynda utgaşdyryjy pudagara iş topary hereket edýär. 2021-nji ýylda bu ugurda Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bilen baglylykda hem-de ýurdumyzyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli utgaşdyryjy pudagara topary döretmek teklip edilýär. Taýýarlanylan Kararyň taslamasyna laýyklykda, onuň düzümine birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary giriziler. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ugrdaky degişli Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça utgaşdyryjy pudagara topary döredildi we toparyň düzümi hem-de pudagara topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.