Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 2023/24-nji ýyllardaky möwsüminiň senenamasy tassyklanyldy

10:5202.08.2022
0
2355
AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 2023/24-nji ýyllardaky möwsüminiň senenamasy tassyklanyldy

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy Çempionlar ligasynyň 2023/24-nji ýyllardaky möwsüminiň senenamasyny tassyklady. Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2022-niň ýeňijisi geljek ýylda şol senenama laýyklykda, yklymyň birinji derejeli futbol baýramçylygyna gatnaşar.

Ýaryş 2023-nji ýylyň 8-nji awgustynda başlap, 2024-nji ýylyň 18-nji maýynda tamamlanar. AÇL uzak ýyllardan soňra ýene-de güýz ― ýaz ulgamyna gaýdyp gelýär.

Senenama aşakdaky tertipde:

Saýlama tapgyr

  • 1-nji tapgyr: 2023-nji ýylyň 8-nji awgusty
  • 2-nji tapgyr: 2023-nji ýylyň 15-nji awgusty

Pleý-off tapgyry

  • 2023-nji ýylyň 22-nji awgusty

Toparçalaýyn tapgyr

  • 1-nji tapgyr: 2023-nji ýylyň 19 ― 20-nji sentýabry
  • 2-nji tapgyr: 2023-nji ýylyň 3 ― 4-nji oktýabry
  • 3-nji tapgyr: 2023-nji ýylyň 24 ― 25-nji oktýabry
  • 4-nji tapgyr: 2023-nji ýylyň 7 ― 8-nji noýabry
  • 5-nji tapgyr: 2023-nji ýylyň 28 ― 29-njy noýabry
  • 6-njy tapgyr: 2023-nji ýylyň 12 ― 13-nji dekabry.

1/8 final

  • ​Birinji duşuşyklar: 2024-nji ýylyň 13 ― 14-nji fewraly
  • Jogap duşuşyklary: 2024-nji ýylyň 20 ― 21-nji fewraly

1/4 final

  • Birinji duşuşyklar: 2024-nji ýylyň 5 ― 6-njy marty
  • Jogap duşuşyklary: 2024-nji ýylyň 12 ― 13-nji marty

Ýarym final

  • Birinji duşuşyklar: 2024-nji ýylyň 17-nji apreli
  • Jogap duşuşyklary: 2024-nji ýylyň 24-nji apreli

Final

  • Birinji duşuşyk: 2024-nji ýylyň 11-nji maýy
  • Jogap duşuşygy: 2024-nji ýylyň 18-nji maýy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň