Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan toparynyň Azerbaýjan tarapy boýunça ýolbaşçysy wezipesine bellenildi. Bu barada «Azeri-Press» neşiri habar berýär.
Habarda ýazylyşy ýaly, ýurduň Prezidenti Ilham Aliýew bu barada 2007-nji ýylyň 20-nji iýunynda gol çekilen resminama üýtgeşme girizdi.
Azerbaýjanyň daşary syýasat edarasy üýtgeşme barada türkmen tarapyny hem habarly etdi.