Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa Türkmenistana maýmyn mamasyny anyklaýyş testlerini iberdi

15:2827.07.2022
0
24718
Russiýa Türkmenistana maýmyn mamasyny anyklaýyş testlerini iberdi
surat: ria.ru

Russiýa Federasiýasy Türkmenistana, şol sanda GDA-nyň beýleki birnäçe ýurduna maýmyn mamasyny ýüze çykarmakda we ony anyklamakda ulanylýan test ulgamlaryny iberdi diýip, Ria.ru habar berýär.

Test ulgamlary Russiýanyň Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we adamyň abadançylygy babatda gözegçilik boýunça federal gullugy (Роспотребнадзор) tarapyndan, şeýle-de Ermenistana, Gazagystana, Özbegistana iberiler. Russiýa Federasiýasynyň «Вектор» wirus we biotehnologiýa ylmy merkezi maýmyn mamasy ýüze çykan dessine synag-anyklaýyş testlerini işläp düzdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň iýun aýynda türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynda saparda boldy. Onuň çäklerinde Russiýanyň Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we adamyň abadançylygy babatda gözegçilik boýunça federal gullugynyň ýolbaşçysy Anna Popowa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda «Вектор» merkezi tarapyndan maýmyn mamasy keselini anyklamaga niýetlenen testleriň Türkmenistana iberilmegi boýunça ylalaşyk baglaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň