Soňky habarlar

Arhiw

Muhammet Alynyň çempionlyk guşagy 6 million dollara satyldy

16:1326.07.2022
0
5970
Muhammet Alynyň çempionlyk guşagy 6 million dollara satyldy
Surat: marca.com

ABŞ-da geçirilen söwda-satyg auksionynda rowaýaty amerikan boksçysy Muhammet Alynyň çempionlyk guşagy satyldy. «Sport.ru» neşiriniň ýazmagyna görä, guşak 6 million amerikan dollaryna satyn alyndy.

Neşir Muhammet Alynyň çempionlyk guşagyny 1974-nji ýylda Jorj Formany sekizinji raunddaky nokaut bilen gazanan ýeňşinde alandygyny belleýär. Auksionda boksçynyň guşagyny 6 million dollar töläp, «Indianapolis Kolts» futbol klubynyň eýesi Jim Erseý satyn alypdyr.

Muhammet Aly 2016-njy ýylda 74 ýaşynda aradan çykdy. Ol 1960-njy ýylda ýarym agyrlykdaky derejede Olimpiýa çempiony, agyr agramda dünýä çempiony boldy, «Ýylyň boksçysy» we «Onýyllygyň boksçysy» derejeleriniň birnäçe gezek eýesidir. Boksçy bütin sport ýolunda 61 tutluşyk geçirip, 56 gezek ýeňiş gazandy. Bu barada «MIR24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň