Soňky habarlar

Arhiw

«Spiegel»: Şolsuň goňşulary zibil gutudan «G7»-ligiň gizlin resminamalaryny tapdylar

12:2825.07.2022
0
1431
«Spiegel»: Şolsuň goňşulary zibil gutudan «G7»-ligiň gizlin resminamalaryny tapdylar
Surat: ura.news

Germaniýada zibil gutusyndan gizlin resminamalar tapyldy. Olar ýurduň premýeri Olaf Şolsuň diwanyna degişli kagyzlar bolup çykdy diýip, «RIA Nowosti» bu ýurduň «Spiegel» neşirine esaslanyp habar berdi.

Neşiriň ýazmagyna görä, resminamalary Şolsuň goňşulary tapypdyrlar. Kagyzlarda olarda gizlindigini aňladýan bellikler bar eken. Resminamalardaky habarlar golaýda geçen «Uly ýediligiň» sammitine degişli. Olarda şeýle-de «Ýediligiň» agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarydyr olaryň ýanýoldaşlary barada maglumatlar hem bar eken.

Ýerli habar beriş serişdeleri wajyp resminamalary zibile Şolsuň aýaly Britta Ernstiň taşlap biljekdigini ýazýarlar. Olar beýle ünssüzligiň ýolberilmesizdigini, ähli gizlin resminamalaryň zibile atylman, ýok edilmelidigini belleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň