Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri bilelikde 4 resminama gol çekdiler

14:1221.07.2022
0
7044
Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri bilelikde 4 resminama gol çekdiler
Surat: KHABAR

Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda birnäçe möhüm resminama gol çekildi. Bu barada Gyrgyzystanyň milli habarlar agentligi habar berýär.

Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewiň beren maglumatlaryna görä, aşakdaky resminamalara gol çekildi:

— Bilelikdäki Jarnama;

— Dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama;

— Halkara giňişliginde birek-birege ynanyşmak we düşünişmek barada Ylalaşyk;

— «Ýaşyl» gün tertibi;

— Sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň «Ýol kartasy».

Habar berşimiz ýaly, sammite gatnaşamk üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sapar bilen şu gün Çolpan Ata şäherine bardy. Bu ýerde sammit başlamazdan ozal Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň