Türkmenistanly mekdep okuwçylary Hytaýda uzak aralykdan geçirilýän Halkara himiýa olimpiadasy – 2022-de dört sany medal gazandylar.
Halkara himiýa olimpiadasy (IChO) ilkinji gezek 1968-nji ýylda Çehoslowakiýada geçirilip, her ýyl mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilip gelinýär. Oňa 20 ýaşdan uly bolmadyk okuwçylar gatnaşýar, galyberse-de, her ýurda dörtden artyk bolmadyk okuwçy wekilçilik edýär. Şu ýylda olimpiada bir tapgyrda geçirildi. Onuň barşynda okuwçylar halkara eminler topary tarapyndan düzülen meseleleri çözdüler. Bu meseleler katalizatorlaryň işiniň hilinden başlap, biologik işjeň birleşmeleriň sinteziniň ülňüsini işläp düzmeklige çenli ylmyň öňdebaryjy ugurlaryna we senagat himiýasyna degişlidi.
54-nji Halkara himiýa olimpiýadasy (IChO-2022) şu ýyl Hytaýyň Sýanszin şäherinde geçirildi. Umumylykda oňa 83 ýurda wekilçilik edýän 326 okuwçy gatnaşdy.
Türkmen toparynyň düzümine dört okuwçy girip, olaryň her biri ýaryşyň jemi boýunça medal gazandy. Türkmenistanyň milli ýygyndysyna Nazar Mämmedow ýolbaşçylyk etdi. Ol Aşgabatdaky Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň himiýa mugallymy.
«Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar bermegine görä, Aşgabadyň Ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň okuwçysy Dawut Muhammetkulyýew altyn medala mynasyp boldy. Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň wekilleri — Ýakup Annaorazow we Nyýazmuhammet Begençmuhammedow kümüş medal gazandylar. Bu mekdebiň onunjy synp okuwçysy Begzada Annaýew bürünç medal gazandy.
2019-njy ýylda 51-nji Halkara himiýa olimpiadasynda hem türkmen mekdep okuwçylary üstünlikli çykyş etdiler. Olar üç sany bürünç medal gazandylar.