Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«KAMAZ-masteriň» sürüjisi Dmitriý Sotnikow «Ýüpek ýoly» ralli-marafonyndaky ynamly ýeňşi hakynda gürrüň berdi

10:0019.07.2022
0
7694

Sürüji türgen Dmitriý Sotnikowyň ýolbaşçylygynda Russiýanyň «KAMAZ-master» topary ýük awtoulaglarynyň hatarynda «Ýüpek ýoly» ralli-reýdiniň jemleýji tapgyrynda ýeňiji boldy. Sotnikow üçin bu eýýäm dördünji ýeňişdir, ol 2013, 2017 we 2021-nji ýyllarda birinji orunlara mynasyp bolupdy.

«Ýüpek ýoly» ralli-reýdi 2009-njy ýyldan bäri geçirilýär we dünýäde iň kyn awtomobil ýaryşlarynyň biri hasaplanýar – bu ýyl gatnaşyjylar takmynan 4,5 müň kilometr ýoly geçdiler, şolardan 2786 km ýokary tizlikli bölümlerdir, bu ýerlerde sürüjiler diňe bir tizlikde öz başarnyklaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, awtoulaglary we motosiklleri dolandyrmak hem-de nawigasiýa boýunça döräp biläýjek ýalňyşlyklaryndan gaça durmalydyrlar.

Dmitriniň bellemegine görä, gazanylan ýeňiş ähli toparyň iň ýokary derejede ýerine ýetiren işiniň netijesidir.

«Bu ýaryşda hemmeleriň – mehanikleriň hem, sürüjileriň hem orny bar. Men örän şat. Mehanikleriň daň atýança işleýän pursatlary hem bolýardy. Ikinji tapgyrda kardanymyz üzüldi, gumda galdyk. Men ine, häzir ýeteris diýip pikir edýärdim. Emma şol wagt bir zatlar üýtgedi, biz bu kynçylykdan örän tiz baş alyp çykdyk, soňra bolsa ýuwaş-ýuwaş ugradyk. Ýaryş örän kyndy, şonda-da biz göreşip biljekdigimizi duýduk. Bagtymyza «absolýut» ýeňiji bolduk. Biz muňa örän begenýäris» – diýip, «KAMAZ-masteriň» metbugat gullugy Sotnikowyň sözlerini mysal getirdi.

Jemleýji tapgyrda Sotnikowyň «KAMAZ-master» toparyndaky egindeşi Eduard Nikolaýewiň ikinji orny eýeländigini bellemek gerek. Ýaryşyň agramly böleginde olar öz aralarynda bäsleşdiler, ýöne sekizinji ýörite zolakda Dmitriý Eduarddan öňe saýlandy. Ýük awtoulaglarynyň arasynda ilkinji üç ýeňijiniň sanawyny «MAZ-SPORTawto» toparyndan Sergeý Wýazowiç tamamlady.

«KAMAZ-yň» Baş direktory Sergeý Kogoginiň "KAMAZ-master» toparyny halkara ralli-reýdde gazanan ýeňişleri bilen gutlandygyny bellemelidiris.

Gutlag telegrammasynda Sergeý Kogogin ýeňiş üçin toparyň agzalaryna minnetdarlyk bildirdi we «KAMAZ-a» ýeňişli ilkinji iki orny getirmekde tutanýerli zähmetiň we toparlaýyn özara gatnaşyklaryň ähmiýetini belledi. Bu barada kamaz.ru web sahypasynda habar berilýär.

«Sizi toparymyzyň 34-nji doglan gününiň öňüsyrasynda bolup geçen we özboluşly taryhynyň üstüni ýetiren «Ýüpek ýoly» atly halkara ralli-marafonynda gazanan nobatdaky ýeňşiňiz bilen gutlaýaryn! Ralliniň netijesini rus toparynyň gürrüňsiz ýolbaşçylygy diýip atlandyryp bolar: çempionaty ilkinji günlerden öňdeligiňi gazanmak bilen, awtoulag sporty dünýäsinde özüňiziň iň güýçlüleriň hataryndadygyňyzy tassykladyňyz. Bu gezek hem ýaryşyň netijesi «KAMAZ» ýük awtoulaglarynyň ygtybarlylygy bilen bilelikde rus ýaryşçylarynyň ussatlygynyň ýeňşi boldy. Ýokary hünär ussatlygyňyz üçin sag boluň!» – diýip, gutlagda bellenilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň