«Mähirli Zenan» kärhanasy döwrebap biçüwlerde taýýarlanylýan gelin-gyz lybaslaryna 10%-den 60%-e çenli arzanladyş yglan etdi.
Bu arzanladyş aksiýasy kärhananyň döredilmeginiň 3 ýyllygy mynasybetli «Bagtyýarlyk» söwda we dynç alyş merkezindäki «Mähirli zenan» dükanynda geçirilýär.
Arzanladyş çäresi 24-nj iýula çenli dowam eder.
Ýatladyp geçsek, «Mähirli Zenan» dükany 2019-njy ýylyň 16-njy iýulynda ussat tikinçi zenanlaryň gadymy milli nagyşlara we häzirki zaman moda esaslanýan biçüwleri ulanyp, şeýle-de milli stilde aýal-gyzlaryň lybaslaryny we esbaplaryny tikmek maksady bilen esaslandyryldy.
Üç ýylyň içinde kärhananyň işi ep-esli giňeldilip, bu ýerde çagalar we ýetginjekler üçin trikotaž eşikleriň, jemgyýetçilik baýramçylyk çäreleri üçin niýetlenen lybaslaryň, ýörite iş eşikleriniň, şeýle hem özboluşly saçaklaryň we «bukjalaryň» tikinçiligi ýola goýuldy.