Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Daşkent şäherine bardy

13:5514.07.2022
0
14225

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça iki günlük döwlet sapary bilen özbek paýtagtyna bardy. Bu barada Özbegistanyň döwlet Baştutanynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Daşkentiň Halkara howa menzilinde hormatly myhmany Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Arypow, Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wladimir Norow hem-de Daşkent şäheriniň häkimi Jahongir Artykhojaýew dagy garşy aldylar.

Çeşmede bellenilişi ýaly, soňra türkmen Lideriniň ulag kerweni «Ýangi Uzbekiston» seýilgähine tarap ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk monumentine gül desselerini goýdy.

Geçirilmegi meýilleşdirilýän gepleşikleriň dowamynda Berdimuhamedow bilen Mirziýoýewiň türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy ara alyp maslahatlaşjakdygy we halkara hem-de sebitiň möhüm syýasy ugurlary barada pikir alyşjakdygy bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň