Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen dzýudoçylary Zagrebdäki halkara Gran-pri bäsleşigine gatnaşarlar

19:0411.07.2022
0
9328

Türkmen dzýudoçylarynyň 14-si 15-17-nji iýul günleri Zagrebde geçiriljek halkara Gran-pri turnirine gatnaşarlar. Bu barada Halkara Dzýudo Federasiýasy habar berýär.

Ýaryşda erkekleriň arasynda Aýbek Ömürow, Hakberdi Jumaýew (60 kg çenli agram derejesinde), Serdar Rahymow, Hekim Agamämmedow (66 kg çenli), Ylham Kemalow, Isa Gaýradow (73 kg çenli), Mämmedaly Açyldyýew, Daýanç Ömürow (81 kg çenli) dagy ýurdumyza wekilçilik ederler.

Zenanlaryň arasyndaky ýaryşlarda Aksoltan Hojageldiýewa, Reýhan Şawkatowa (48 kg çenli agram derejesinde), Leýla Umydowa, Saýýara Rozyýewa (52 kg çenli), Gözel Nowruzowa (57 kg çenli), Zulhumar Daşgynowa (63 kg çenli) dagy Türkmenistanyň adyndan çykyş ederler.

Zagrebdäki halkara Gran-pri turnirine 71 döwletden jemi 556 türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Şolardan 321-si erkekler, 235-si bolsa zenanlardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň