Soňky habarlar

Arhiw

Eýfel diňi düýpli abatlanmaga mätäç

12:1005.07.2022
0
6156
Eýfel diňi düýpli abatlanmaga mätäç
Surat: callofduty.fandom.com

Pariž şäheriniň baş nyşany bolan Eýfel diňi poslaýar, şonuň üçin ol meýilleşdirilişi ýaly kosmetiki abatlaýşa däl-de, düýpli dikeldiş işleriniň geçirilmegine mätäç diýip, «The Guardian» neşiri ýazýar.

2024-nji ýylda Parižde geçjek Olimpiýa oýunlaryna gabatlap, umumy bahasy 60 million ýewro bolan kosmetiki abatlaýyş işleri meýilleşdirilýär, emma şol bir wagtda hünärmenler diňi doly sökmek, abatlamak we ýaňadan reňklemek gerek, emma öňki reňkiň üstünden reňk çalmak binany eýelän poslamany çaltlandyryp biler diýýärler.

Eýfel diňini dörediji Gýustaw Eýfel öz döwründe posuň döremeginiň diň üçin iň çynlakaý mesele döretjekdigini, şonuň üçin her ýedi ýyldan ony reňklemegiň ýerlikli boljakdygyny aýdypdyr.

Eýfel diňini 1889-njy ýylda gurdular. Ilkibaşda bina 20 ýyl töweregi durar diýlip çaklanýardy, emma 133 ýyl geçenem bolsa, meşhur diň oňat gözegçiligiň netijesinde jahankeşdeleriň henizem iň söýgüli ýerleriniň biri bolmagynda galýar, her ýyl ony görmäge 6 million çemesi jahankeşde gelýär. Bu binagärlik ýadygärligi Fransiýada Disneýlendden, Luwrdan we Wersal köşgünden soňra iň köp barylýan ýerdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň