Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Döwlet gümrük gullugynda halkara e-TIR ulgamyna goşulyşmagy barada mesele ara alnyp maslahatlaşyldy

09:5605.07.2022
0
8560

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň bilermeni jenap Konstantinos Aleksopoulos bilen iş duşuşygy boldy. Duşuşyk Türkmenistanyň Ženewa şaherindäki Ilçihanasynyň ýardamçylygynda geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri hem gatnaşdy.

Iş duşuşygyň maksady, Türkmenistanyň halkara e-TIR ulgamyna goşulyşmagynyň tehniki meselelerini hem-de bu ulgamy ASYCUDA WORLD gümrük maglumat ulgamyna ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.

Duşuşygyň dowamynda jenap Konstantinos Aleksopoulos Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan işlenip düzülen e-TIR ulgamynyň işi bilen tanyş etdi. Bu ulgam sebitiň köp ýurtlarynda, ýagny Özbegistanda, Azerbaýjanda, Gruziýada, Türkiýede, Pakistanda we başgada birnäçe ýurtlarda eýýäm ornaşdyrylan. Eýranda şu ýylda işe girişilmegine garaşylýar.

E-TIR halkara ulgamy, MDP depderçesini ulanmak bilen ýükleriň halkara daşalmagy hakyndaky Gümrük konwensiýasynyň düzgünlerine laýyklykda milli gümrük maglumat ulgamlarynyň arasynda harytlaryň, ulag serişdeleriniň ýa-da konteýnerleriň halkara üstaşyr geçirilmegi bilen baglanyşykly maglumatlaryň ygtybarly alyş-çalşygyny üpjün etmegi we gümrük edaralaryna berlen kepillikler baradaky maglumatlary dolandyrmagy üpjün edýär.

Türkmenistanyň, 1975-nji ýylyň 14-nji noýabryndaky MDP depderçesini ulanmak bilen ýükleriň halkara daşalmagy hakyndaky Gümrük konwensiýasyna 1996-njy ýylda goşulyşandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň