Soňky habarlar

Arhiw

Nowak Russiýanyň nebit bazarynyň täze ugry barada gürrüň berdi

22:1504.07.2022
0
1330
Nowak Russiýanyň nebit bazarynyň täze ugry barada gürrüň berdi
Surat: ИЗВЕСТИЯ/Константин Кокошкин

Russiýa öz nebitiniň we nebit önümleriniň esasy bölegini Aziýanyň bazaryna gönükdirdi, bu yklymda rus nebitine isleg barha artýar. Bu barada RF-niň hökümet başlygynyň orunbasary Aleksandr Nowak beýanat berdi diýip, «Izwestiýa» ýazýar.

«Dostlukly däl döwletleriň rus nebitini sarp etmegi gadagan etmek babatda iş geçirýän häzirki şertlerinde biziň nebitimiziň we nebit önümlerimiziň agramly bölegi Aziýa-Ýuwaş umman sebitine gönükdirildi. Olar biziň nebitimizi uly höwes bilen satyn alýarlar» diýip, Nowak «Rossiýa 24» teleýaýlymyna beren interwýusynda nygtady.

Wise-premýer Russiýanyň ady tutulan sebitleriň nebite ösýän isleglerini kanagatlandyrýandygyny, söwdalaryň artmagyna golaýda ýokanç sebäpli çäklendirmelerden çykan Hytaýyň hem isleginiň ýokarlanmagynyň oňyn täsir edýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Öň Russiýanyň Hytaýa nebit eltmekde ilkinji orna çykandygy habar berlipdi, ýurduň Hindistana hem nebit etmekde tizara Yrakdan hem öňe geçip, ilkinji orna çykjakdygy barada çaklama aýdylypdy. Sebäbi geçen aýda rus «gara altynynyň» Aziýa ýurtlaryna eksporty görnetin ýokarlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň