Türkmen wekilleri GDA ýurtlarynda kiçi we orta telekeçilik üçin erkin ykdysady zolaklary döretmek we olary dolandyrmak boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen konferensiýa gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýty habar berýär.
Forum Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň Söwda-senagat palatalarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşi tarapyndan guralyp, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi.
Duşuşykda erkin ykdysady zolaklary döretmegiň artykmaçlyklary, şeýle hem olaryň gurluşyny ösdürmek üçin döwlete degişli bolmadyk serişdeleri çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Erkin ykdysady zolaklary bu milli ýa-da daşary ýurtly telekeçiler üçin ýeňillikli salgyt ýa-da ýeňillikli gümrük şertlerini hödürleýän ýörite hukuk derejeli belli bir çäkdir. Erkin ykdysady zolaklary döretmegiň esasy maksady, döwletleriň, sebitleriň oňyn durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr.
