Ispaniýanyň «Barselona» topary öý duşuşyklaryny geçirýän stadionynyň adynyň «Spotify Kamp Nou» hökmünde üýtgedilendigini habar berdi. Bu barada klubyň resmi metbugat gullugyna salgylanyp, Gazeta.ru ýazýar.
Stadionyň adynyň üýtgedilmegi «Barselona» bilen Şwesiýanyň aýdym-saz hyzmatlaryny hödürleýän «Spotify» kompaniýasynyň arasyndaky hemaýatkärlik şertnamasynyň bir bölegidir. Stadionyň ady boýunça ylalaşyga görä, katalon toparynyň takyk näçe mukdarda girdeji aljakdygy heniz belli däl. Ýöne käbir habar beriş serişdeleriniň içerki çeşmelere esaslanyp ýazmagyna görä, «Barselona», takmynan, 300 million ýewro gazanyp biler.
Maglumat üçin, mundan ozal klubyň ýolbaşçylary çynlakaý maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny birnäçe gezek ýaňzydypdylar. Şol sebäp bilen toparyň birnäçe oýunçysynyň zähmet haklary ep-esli azaldylypdy.
Stadionyň adynyň üýtgedilmegi arkaly geljek girdeji toparyň maliýe ýagdaýyny durnuklaşdyryp, täze oýunçylary düzümine goşmaga hem mümkinçilik berer.