Çoganlydaky täze söwda merkezi «Güneşli» diýlip atlandyrylar

23:5701.07.2022
0
3818

Ministrler Kabinetiniň 1-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew, türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça işleriň Meýilnamasy bilen birlikde, döwlet Baştutanyna Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çägindäki söwda merkeziniň gurluşynda alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi. Bu desganyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Çoganly ýaşaýyş toplumynda gurulýan täze söwda merkeziniň gurluşygynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi hem-de onuň «Güneşli» diýlip atlandyrylmagynyň maksada laýyk boljakdygyny belledi. Döwlet Baştutany söwda toplumynda alyjylar we satyjylar üçin zerur şertleriň döredilmelidigini we onuň adamlaryň gelim-gidimli ýerine öwrülmelidigini nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň