«.TM» belgili milli domeni dolandyrmak ýurdumyzyň çäginde amala aşyrylar

23:4901.07.2022
0
4970

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 1-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowa “.TM” belgili milli domeni barada hasabat berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyz üçin ýokary derejeli “.TM” belgili milli domen döwlet emlägi bolup, ony dolandyrmak ýurdumyzyň çäginde amala aşyrylar. Bu işleriň bilelikde ýola goýulmagy “Türkmendomen” hojalyk jemgyýetiniň zerur maddy-enjamlaýyn binýadyny emele getirmäge, ýokary derejeli milli domeni dolandyrmak işini özbaşdak amala aşyrmaga amatly şertleri döreder.

Agentligiň ýolbaşçysynyň hasabatynda aýdan maglumatlaryna görä, ýokary derejeli “.TM” belgili milli domen öz aňladylyşy boýunça “bellige alnan söwda nyşany, (Trade Mark)” diýen iňlis dilindäki meşhur gysgaltma gabat gelýär we dünýäniň birnäçe kompaniýalarynyň ýokary islegli domenleriniň biri bolup, milli önüm öndürijileriň önümleriniň, kompaniýalarynyň Türkmenistana dahyllydygyny dünýä aýan etmek üçin Internet sahypalarynyň salgylarynda işjeň peýdalanylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna “Türkmendomen” hojalyk jemgyýeti bilen degişli kompaniýanyň arasynda maýa goýum şertnamasyny baglaşmak hakyndaky teklip hödürlenildi.

Serdar Berdimuhamedow “.TM” milli domen meseleleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, täzeçil ösüşi esasy ugur edinýän Türkmenistanyň dünýäniň ösen we öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi hem-de, şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysyna bu meseläni jikme-jik öwrenmek we degişli teklipleri taýýarlamak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň