Soňky habarlar

Arhiw

«Ussat kömekçi» kärhanasy zibilleri alyp gitmek hyzmatyndan tölegsiz peýdalanyp görmäge çagyrýar

09:5902.07.2022
0
7824
«Ussat kömekçi» kärhanasy zibilleri alyp gitmek hyzmatyndan tölegsiz peýdalanyp görmäge çagyrýar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Aşgabatda ilat üçin zibilleri alyp gitmek hyzmaty ýola goýlupdy. Bu babatda «Ussat kömekçi» kärhanasy zibilleri gündelik alyp gitmek hyzmatyny raýatlara ýetirýär.

Bu hyzmatyň näderejede amatlylygy döredýändigine göz ýetirmek üçin kärhananyň hünärmenleri zibilleri alyp gitmek hyzmatyndan tölegsiz peýdalanyp görmäge çagyrýarlar.

Hyzmatdan birinji gezek tölegsiz peýdalanyp görmek üçin müşderä 3 günüň dowamynda 5 gap zibil alyp gitmek hyzmaty ýetirilýär. Eger hyzmat siziň göwnüňize ýaran halatynda kärhana bilen özüňize gerek möhlet üçin şertnama baglaşyp bilersiňiz.

Bellesek, zibilleri her günde alyp gitmek üçin ýetirilýän hyzmatyň bir aý üçin tölegi 50 manada deňdir.

Hyzmatdan bir gezek tölegsiz peýdalanyp görmek üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: (+993 62) 14 70 12, (+993 61) 28 47 66, (+993 65) 41 53 89.

Şeýle-de kärhananyň sosial ulgamdaky sahypasynda öz teswiriňizi goýup bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň