Jebelde Halkara howa menzili gurlar

23:3901.07.2022
0
11051

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu gün gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen Halkara howa menzili gurlar.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen Halkara howa menziliniň toplumynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadandaşdyryp gurmak barada «Gündogdy» hususy kärhanasy bilen şertnamany, Halkara howa menziliniň toplumy üçin eltiji awtomobil ýollaryny, aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak we umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we Halkara howa menziliniň toplumyny 2024-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň