Soňky habarlar

Arhiw

«Liwerpul» Salah bilen şertnamasyny uzaltdy

22:2301.07.2022
0
898

Angliýanyň «Liwerpul» klubynyň resmi saýty müsürli hüjümçi Muhamed Salah bilen şertnamanyň uzaldylandygyny mälim etdi. Habarda bellenilişine görä, taraplar 2025-nji ýyla çenli niýetlenen şertnama gol çekişdiler.

Maglumat üçin, 2017-nji ýylda mersisaýdylaryň düzümine goşulan Salah şu wagta çenli bu toparyň lybasynda jemi 254 oýunda meýdança çykyp, 156 gol geçirmegi başardy. Şeýle-de hüjümçi bu topar bilen bir gezekden Angliýanyň premýer-ligasynyň altyn medalyna, Angliýanyň Kubogyna we Liga kubogyna mynasyp boldy. Muhammed Salahyň «Liwerpul» bilen gazanan üstünlikleriniň hatarynda UEFA çempionlar ligasynyň altyn medaly we UEFA-nyň Superkubogy hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň