Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça zenanlar ýygyndysy Aziýanyň kubogyna gatnaşar

14:2301.07.2022
0
6263

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça zenanlar ýygyndysynyň FIBA Aziýanyň kubogyndaky garşydaşlary we geçirjek duşuşyklarynyň tertibi belli boldy. Yklymyň iň güýçli ýygyndylarynyň arasyndaky ýaryş 6 ― 10-njy iýul aralygynda Singapur şäherinde geçiriler.

Ýaryşa zenanlar ýygyndylarynyň 23-si bellige alyndy.

Türkmen ýygyndysy deslapky duşuşyklaryny 6-njy iýulda geçiriler. Ýaryşyň esasy duşuşyklary üçünji gününde başlanar.

Esasy ýaryşlara 7 ýygyndy hiç hili saýlama duşuşyksyz gatnaşar. Olar Singapuryň (ýer eýesi), Awstraliýanyň (häzirki çempion), Mongoliýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Taýwanyň we Şri-Lankanyň ýygyndylarydyr. Soňky bäş ýygyndynyň FIBA-nyň 3x3 basketbol boýunça reýtinginiň iň güýçli bäşligigini dykgatyňyza ýetirýäris (2021-nji ýylyň 1-nji noýabrynda täzelenen reýtinge görä).

Beýleki 16 ýygyndy 5 toparçada saýlama duşuşyklary geçirer. Her toparçadan diňe ýeňiji indiki tapgyra çykar.

Türkmenistanyň ýygyndysy saýlama duşuşyklaryň «E» toparçasynda ýaryşar. Bu toparçada türkmen basketbolçylaryndan başga-da, Guamyň, Gazagystanyň we Papua-Täze Gwineýanyň ýygyndylary bar.

Türkmenistanyň ýygyndysyna Aýna Gökowa, Leýla Halylowa, Nigara Nagiýewa we Zybagözel Hydyrowa dagylar wekilçilik eder.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň geçirjek duşuşyklary (6-njy iýul):

  • 09:50 Türkmenistan ― Guam
  • 15:50 Gazagystan — Türkmenistan
  • 18:55 Türkmenistan — Papua-Täze Gwineýa

Saýlama tapgyryna çenli ýaryş tertibi:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň