«Abraýly dostlar» kärhanasy Frankfurtda geçýän tehniki dokma sergisine gatnaşýar

17:5822.06.2022
0
3434
«Abraýly dostlar» kärhanasy Frankfurtda geçýän tehniki dokma sergisine gatnaşýar

Türkmenistanda polipropilen multifilament ýüplükleriniň önümçiligini alyp barýan «Abraýly dostlar» kärhanasy 21 — 24-nji iýun aralygynda Frankfurt şäherinde geçirilýän dünýäniň iri sergileriniň biri bolan «Techtextil» tehniki dokma sergisine gatnaşýar.

«Abraýly dostlar» kärhanasynyň önümleri hödürlenen E32 stendi «Ýüplükler we süýümler» zalynda ýerleşdirildi. Bu ýerde 50 inedördül metr meýdançada kärhanada öndürilýän orta we ýokary berklikdäki FDY ýüplükleri, aýlaw hem-de howa teksturaly ýüplükler hödürlenilýär.

«Abraýly dostlar» hususy kärhanasy 2019-njy ýylda ýokary hilli içerki önümçiligi ýola goýmak arkaly import edilýän ýüplükleriň satyn alynmagyny azaltmak we halkara bazarlaryna dünýäde öňdebaryjy ýüplük öndürijileriň önümlerinden pesde durmaýan türkmen ýüplüklerini hödürlemek maksady bilen döredildi. Önümlerini eksport etmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen, kärhana halkara bazarlarynda «Polyyarn» haryt nyşany bilen çykyş edýär.

Kärhana dünýä ýüzünde meşhur bolan kuwwatly tehniki aýratynlyklary hödürlemek bilen giňden belli bolan egirme we dokma ugurlarynda ýokary hilli önümleri öndürýär.

«Abraýly dostlar» kärhanasynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary tarapyndan düzüminde denier we dpf aýratynlygy az derejede bolan «Polyyarn» ýüplügine uly isleg bildirilýär. Hat-da dokma kärhanasyna eýýäm «Nike», «Gymshark» we «Continental» ýaly iri kompaniýalar hem hyzmatdaşlyk maksady bilen ýüz tutdular.

Ýüplükleriň önümçiligi 300 tonnadan gowrak bolup, şoňa görä-de bu ugurda kärhana dünýä bazaryna tehniki ýüplükleri eksport etmekde öňdebaryjy orna eýe bolup durýar.

«Techtextil» halkara tehniki dokma sergisine gatnaşmak bolsa «Abraýly dostlar» kärhanasyna dünýä ýurtlarynyň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny açmaga giň mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň