Aziýada iri ýolagçy demir ýol çatrygy Pekinde işe girizildi diýip, «Sinhua» habarlar gullugy habar berdi diýip, «Interfax.ru» ýazýar.
«Fentaý» atly demir ýol menzili 32 demir ýol şahasyny we 32 platformany özüne birleşdirýär, onuň umumy meýdany 400 müň töweregi inedördül metr bolup, 56 futbol meýdançasyna barabardyr. Menzil her sagatda 14 müňe çenli ýolagça hyzmat edip bilýär.
Hytaýyň paýtagtynyň günorta böleginde ýerleşýän «Fentaý» demir ýol duralgasy 1895-nji ýylda gurlup, ýolagçy we ýük daşamak üçin ulanyldy. Ony döwrebaplaşdyrmak işine 2018-nji ýylda girişildi.
Duralga indi täze keşbe eýe boldy, oňa nusgawy hytaý binagärliginiň alamatlary girizildi.