Soňky habarlar

Arhiw

«Gerekli» internet dükany Gurban baýramy mynasybetli utuşly bäsleşik yglan etdi

17:3920.06.2022
0
8718

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasy nobatdaky gezek alyjylary utuşly bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar. Dükan tarapyndan yglan edilen bu bäsleşik Gurban baýramy mynasybetli geçirilýär.

Bu utuşly bäsleşige gatnaşmak üçin alyjy internet dükandan umumy bahasy 200 manatdan az bolmadyk söwda etmelidir. Bu mukdarda söwda edeninden soň, alyja bäsleşik petegi berilýär. Edil şu hili 400 manat mukdardaky söwda üçin 2 petek, 600 manatlyk söwda bolsa 3 petek gowşurylýar. Şeýlelikde, müşderi amatly bahadan hödürlenilýän harytlardan näçe köp alsa, utuşly baýraklaryň eýesi bolmak mümkinçiligini ýokarlandyrar.

Internet dükany bäsleşikde 5 sany baýrak goýýar:

1-nji ýer alana — FullHd «Skyworth» telewizory;
2-nji ýer alana — köp funksiýaly «Franko» howurpeji;
3-nji ýer alana — «Xiaomi Airdots» S seriýa simsiz nauşnikleri;
4-nji ýer alana — «Massage Gun» massaž enjamy;
5-nji ýer alana — «Xiaomi» howany tämizleýji we ýakym ys beriji.

Internet dükanyndan bäsleşigiň şertine laýyklykda söwda edip 15-nji iýula sagat 17:00-a çenli petek alyp gatnaşyp bilersiňiz. Bäsleşigiň jemi bolsa şondan laýyk bir sagat soň — 18:00-da sosial ulgamdaky Gerekli sahypasynda göni ýaýlymda yglan ediler.

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasyndan hojalyk harytlaryny, elektronika enjamlaryny, gap-gaçlary we beýleki öý harytlaryny, şeýle-de azyk iýmit önümlerini, gündelik öý-hojalyk harytlaryny, saglyk üçin peýdaly önümleri hem-de başga-da dürli görnüşli zatlary satyn alyp bolýar.

Şeýle-de onlaýn söwda meýdançasynda «Iň gowy bahanyň kepilligi» diýen hemişelik aksiýa geçirilýär. Oňa laýyklykda, alyjylar «Gerekli» dükanyndaky harydyň bu dükanyň bahasyndan arzan satylýan ýerini görseler, onda +99364 06 56 66 belgisine jaň edip, harydy amatly bahadan alyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň