Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Apple» iň gymmat brend derejesini gaýdyp aldy

13:5316.06.2022
0
948
«Apple» iň gymmat brend derejesini gaýdyp aldy
Surat: bbc.com

«Apple» kompaniýasy dünýäniň iň gymmat brendleriniň sanawyndaky ilkinji ornuny gaýdyp aldy. Bu barada «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands» hasabatynda aýdylýar diýip, MIR24 ýazýar.

Hasabata laýyklykda, «Apple» nyrhy 55 göterime, 947 milliard ABŞ dollaryna çenli ýokarlandy. Ikinji orunda «Google» (820 mlrd dollar, 78 göterim) durýar. Geçen ýylky sanawda öňde bolan «Amazon» kompaniýasynyň bahasy bary-ýogy 3 göterim ösüş görkezdi we 705,6 mlrd ABŞ dollary netije bilen üçünji orna süýşdi.

Resminamada 100 sany iň gymmatbaha brendleriň umumy bahasynyň 23 göterim ösüp, 8,7 trillion ABŞ dollaryna deň bolandygy bellenýär. Iň çalt ösýän brend «Cartier» kompaniýasy bolup, ol öz nyrhyny 88 göterim ýokarlandyryp, 10 milliard dollara ýetirmegi başarypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň