Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda telekeçiler mekdebiniň bölümçesi açyldy

10:4915.06.2022
0
10984

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň telekeçiler mekdebiniň bölümçesi açyldy. Bu barada TSTB-niň resmi web saýtynda habar berilýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, täze açylan bölümçede 30 ugur boýunça bilim berler. Şol sanda, iňlis, nemes, hytaý, rus dilleri, fizika, himiýa, taryh dersleri çuňlaşdyrylyp öwrediler. Kompýuter sowatlylygy, buhgalteriýanyň esaslary, arhiw işini dolandyryş, gid terjimeçi hünärleri boýunça bilim alanlara önümçilikde we gaýry ugurlarda işlemäge ähli şertler döredilýär.

Sapakdan daşary geçirilýän çärelerde diňleýjilere hünär ugurlary boýunça kinofilmleri görkezmek, dürli mowzuklarda bäsleşikleri geçirmek, tejribeli, öz işine ussat hünärmenler bilen duşuşyklary guramak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň